“Hygieia”-nyň heýkeli 2100 ýyldan soň ýüze çykaryldy

Grek mifologiýasynda arassalygyň we saglygyň hudaýy Hygieia-nyň heýkeliniň kellesi, Türkiýäniň Deňizli sebitinde ýerleşýän Loadikýa gadymy şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde 2100 ýyldan soň tapyldy.

Grek mifologiýasyna görä, arassalygyň we saglygyň hudaýy “Hygieia”, lukmançylyk hudaýy “Asklepios”-yň gyzy bolup durýar. Gadymy döwürlerde Grekleriň keselleri bejermekde kömek edip biljek köp taňrylary bar eken. Taryhyň dowamynda olar köpelipdir we dürli ugurlara ýöriteleşipdir.

“Apollon” we “Artemis” ikisi hem ylahy ýollar arkaly keselleri döredip we bejerip bilipdirler. Lukmanlaryň howandary “Apollon”-yň ogly “Asclepius” adamlara hudaýlaryň güýji bolmazdan keselleri nädip bejermelidigini öwredipdir. Emma adamlar keseli bejermegiň ideal däldigini bilipdirler.

Gadymy grek dilinde “saglyk” diýmegi aňladýan “Hygieia”-nyň “Aglaea”, “Panacea”, “Aceso”, “Iaso” atly dört aýal dogany bolupdyr. “Asclepius”-yň bäş gyzyndan “Hygieia” iň meşhury bolupdyr.

Begenç ANNAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok