Türkmen milli tagamlary Russiýanyň «Моя Планета» teleýaýlymynda görkeziler

Häzirki wagtda ýurdumyzda Russiýanyň «Моя Планета» («Meniň planetam») teleýaýlymy üçin «Магия вкуса» («Tagamyň jadysy») gepleşigi surata düşürilýär. Gepleşigiň alyp baryjysy Anton Zaýsew bolup, surata düşüriş topary eýýäm Ahal welaýatynyň Nohur obasyna we Mary welaýatyna baryp gördüler.

Indi topar Balkan welaýatyna gider, myhmanlar bekre balygyndan taýýarlanan türkmen palawyny we beýleki milli tagamlary dadyp görerler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen aşhanasy özboluşlylygy we dürli tagamlary bilen meşhurdyr. Türkmen aşpezleri halkyň köp asyrlyk aşpezlik däplerini, saçagy bol bezemegiň we tagam taýýarlamagyň usullaryny aýawly saklap gelýärler. Olar gepleşikde ajaýyp milli lybaslarda milli tagamlary taýýarlarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, myhmanlara hödürlenen tagamlaryň arasynda gowurdak, işlekli, tamdyrlama, dograma we ýarma bar. Surata düşüriş topary, şeýle hem türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, ýörelgeleri bilen tanyşýarlar.

Türkmen milli aşhanasynyň aýratynlyklary baradaky gepleşik ýakyn wagtda «Моя Планета» teleýaýlymynda görkeziler.

Laçyn SALTYKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok