Türkmen-amerikan kitap ýarmarkasy geçirildi

Türkmeniň akydar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap ýarmarkasy geçirildi. Çäreni ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň hökümeti gurady.

Çärede ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň kömegi bilen türkmen diline terjime edilen amerikan edebiýatynyň nusgawy eserleri görkezildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, diplomatik wekilhana şu güne çenli 14 neşir çap etdi. «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça amerikan ilçileriniň gaznasynyň» häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň döwründäki käbir golýazmalary dikeltmegiň üstünde işleýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny görkezýär.

Çäräniň ahyrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan kitaphana iňlis dilindäki kitaplar ýygyndysy sowgat berildi.

Şirin ORAZMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok