Ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriň arasynda okuw-usuly maslahaty geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda sanly ulgam bilen baglanşykly okuw-usuly maslahaty geçirildi.

Okuw-usuly maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilip, onda uniwersitetiň tejribeli mugallymlary we talyplary aşakdaky temalar boýunça çykyş etdiler:

  • Sanly bilim portalyndan peýdalanyp okatmagyň hilini ýokarlandyrmak;
  • Distansion okuwy okatmagyň usulyýeti;
  • Sanly maglumat giňişliginde we internetde howpsuzlyk;
  • Ulanyjylary “kiberhowpsuzlyk” we “kibermedeniýet” adalgalary bilen tanyşdyrmak;
  • Türkmenistanda sanly ulgamyň mümkinçilikleri;
  • Tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri fotogrammetriýanyň esasynda VR – AR görnüşde öwrenmek.

Maslahatyň ahyrynda mugallymlaryň we talyplaryň arasynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri we ondan dogry peýdalanmak boýunça sorag-jogap alyşyldy.

Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň ekologiýa hünäriniň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok