Halkara informatika olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlenildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17 — 19-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) hem-de olimpiadanyň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi.

II Açyk halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, ylym-bilim ulgamyndaky milli tejribäni yzygiderli kämilleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň arasynda wajyp ylmy garaýyşlar we meseleler boýunça pikir alyşmalary, çekeleşikleri guramak maksady bilen geçirildi.

Halkara olimpiada ýurdumyzyň we dünýäniň onlarça döwletinden, ýagny Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Liwiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdy. Has takygy, olimpiadada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinden jemi 350-ä golaý talyp, 30-dan gowrak daşary ýurtly ýolbaşçy mugallym hasaba alyndy.

Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda dürli meseleleri çözmek üçin niýetlenilen programmalary işläp düzmek bilen baglanyşykly 5 sany ýumuş hödürlenildi. Olimpiadanyň ikinji tapgyrynda bolsa kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuşlar hödürlenildi. Talyp ýaşlaryň öz ugurlary boýunça görkezen ukyp-başarnyklary, ýeňşe bolan mizemez hyjuwy olimpiadanyň has-da çekeleşikli bolmagyna getirdi.

II Açyk halkara informatika olimpiadasynyň netijeleri boýunça türkmen talyplary 10 sany altyn, jemi bolsa 43 medala mynasyp boldular. Ikinji orna 17 medal bilen rus talyplary eýe boldy. Hytaý Halk Respublikasynyň talyp ýaşlarynyň topary bolsa 10 medal gazanyp, üçünji orna mynasyp boldy. Olimpiadanyň çäginde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatda halkara olimpiadasynyň ýeňijileri altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde, 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlar bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanyldy. Olimpiadanyň ähli gatnaşyjylaryna sertifikat berildi. Ýeňiji talyplaryň ylmy ýolbaşçylaryna diplomlar gowşuryldy.

Kasymmyrat DURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok