Türkmen okuwçylary halkara iňlis dili olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýaňy ýakynda Malaziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara iňlis dili olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada 50 ýurtdan 1000-den gowrak mekdep okuwçylary gatnaşdy. Olimpiada jemi 6 ders boýunça kiçi, orta we uly toparlarynda bäsleşildi.

Netijede 15 zehinli mekdep okuwçysyndan ybarat Türkmenistan milli ýygyndysy üstünlikli çykyş edip, 10 Gran Pri, 6 altyn, 5 kümüş we 11 bürünç medal gazandylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok