Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin şertleriň döredilmegi Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarymyzyň baş maksadydyr” diýip belleýär. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanýan ajaýyp günlerinde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän 173-nji çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň usuly-amaly okuwy geçirildi. Bu geçirilen usuly-amaly okuw turuwbaşdan özüniň ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Usuly-amaly okuwyň dowamynda körpeleriň sözleýiş endiklerini ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen ýörite sapak gurnaldy. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpejeler sapaga işjeň gatnaşdylar. Olar interaktiw tagtanyň kömegi bilen dürli ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň usuly-amaly okuwy körpeleriň özbaşdak pikirleniş ukyplaryny, ýatkeşliklerini ösdürmekde many-mazmunly we işjeň öwreniş oýun usullaryny talabalaýyk guramagyň ähmiýetini açyp görkezmekden; çagalaryň söz baýlygyny, aň-düşünjesiniň sözleýiş endiklerini ösdürmekde dürli oýun usullardan peýdalanmagyň ugurlaryny kesgitlemekden; körpeleriň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan alnyp barylmaly usuly işlerini we mekdebe çenli çagalar edaralarynda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň kämilleşdirmegiň Maksatnamasy boýunça alnyp barylýan usullaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Ýaş nesillerimiz üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Bahar BABAÝEWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden
daşary edaralar bölüminiň esasy hünärmeni.
Teswirler