Ägirtler unudylmaýar!

Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti, döredijilik işgäri merhum Atabaý Çarygulyýew barada.

Türkmen halkynyň aýdym-saz muşdaklarynyň aňynda yz goýan ussat sazanda, aýdymçy Atabaý Çarygulyýew diýse her kimiň kalbyna rahatlyk aralaşýar. Onuň mahmal owazy ýüreklerimiziň töründe müdimilik orun aldy. Atabaý bagşynyň aýdymlaryny diňlemegiň, olar hakyndaky gyzykly gürrüňlere şaýat bolmagyň özi biz ýaşlar üçin bagt. Aýdymçynyň tarypyny ýaş sazandadyr aýdymçylaryň öwgüli sözler bilen ýerine ýetirmegi, onuň aýdym aýdyş ýollaryny dowam etdirmegi Atabaý Çarygulyýewe goýulýan uly sarpadyr diýsek ýalňyşmarys.

Atabaýyň hakyky ady Hojanazar bolup oňa garry atalarynyň ady dakylansoň Atabaý diýip ýüzlenipdirler we onuň Atabaý ady has ýörgünli bolup gidipdir. Atabaý Çarygulyýew 1958-nji ýylda dogulýar we 1978-nji ýylda 20 ýaşynyň içinde ilkinji albomyny aýdym-saz muşdaklaryna hödürleýär. Atabaýyň ilkinji aýdymlary, albomy onuň muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ussat bagşymyz Germaniýanyň, Angliýanyň aýdym-saz studiýalarynda aýdymlaryny ýazgy edipdir. Ol türkmen halkyna müňlerçe aýdymlary miras goýup gitdi. Halkymyzyň aňynda öçmejek yz galdyran aýdymçynyň ogullary “Ata kesbi ogla halal” diýen aýtga eýerip aýdym aýdýarlar. Atabaý Çarygulyýewiň özi 10 çagaly maşgalanyň 5-nji çagasy bolup gündizlerine zähmet çekip agşamlaryna aýdym aýtmak bilen meşgullanypdyr. Atabaýyň Çarygulyýewiň aýdymlarynda aýdym aýtmagyň estrada görnüşini, hem-de türkmen halk aýdymlaryny damana ýoluny, halk aýdym aýtmak görnüşlerini diňläp bolýar. Galyberse-de Atabaýyň “Mährijemal” aýdymy häzirki döwürde giňden ýaýran aýdym aýtmagyň “rep” görnüşine gabat gelýär diýsek ýalňyşmarys. Neneň ussat diýmejek, munça berlen tebigy zehine?

Her aýdymyny nusgalyk mekdep edip goýup giden ussat halypa Atabaý Çarygulyýew özüne berlen tebigy zehini özüniň ajaýyp aýdymlaryna siňdiren. Onuň aýdymlary ýene-de ýüz ýyllaryň dowamynda toý-baýramlarymyzda belentden belent ýaňlanar.

Laçyn JURAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok