«Arkadag» futbol kluby Russiýanyň çempiony «Zenit» bilen duşuşdy

21-nji fewralda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol kluby Russiýanyň çempiony «Zenit» bilen duşuşdy. Toparlaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde guralan ýoldaşlyk duşuşygy deňlikde tamamlandy — 1:1.

Ilki bilen hasaby açmak Russiýanyň çempionyna miýesser etdi. Toparyň guramaçylykly hüjümi fransiýaly hüjümçi Wilson Izidoryň goly bilen jemlendi. Türkmen kluby bu goly jogapsyz goýmady. Garşydaş toparyň ýol beren gödek oýny sebäpli bellenen jerime urgusyny ýerine ýetirmek «Arkadag» toparynyň zehinli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewe ynanyldy. «Zenidiň» derwezeçisi Altymyradyň dürs urgusyna böwet bolup bilmedi. Şeýlelikde, deňlik emele geldi — 1:1.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Arkadag» futbol kluby golaýda geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda Nižniý Nowgorodyň «Pari NN» toparyny ýeňlişe sezewar edipdi — 2:1.

Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi bolmagy başaran «Arkadag» futbol kluby nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny 25-nji fewralda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparynyň garşysyna geçirer.

Umyt GARAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok