Golaýda, ýagny 8-nji fewralda Türkmenistandan parlamentarilerden ybarat wekiliýet BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Parlamentara Bileleşigiň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň prezidenti Dennis Fransis we Parlamentara Bileleşigiň prezidenti Tulia Akson öz çykyşlarynda parlament diplomatiýasy arkaly dawa-jenjeliň öňüni almagyň we çözmegiň ýollaryny tapmagyň möhümdigini aýtdy. Parahatçylygy we hökümetiň jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda milli parlamentleriň roluna aýratyn üns berildi.
Bu çärä dünýäniň çar künjeginden 300-den gowrak mejlis agzasy we bilermen gatnaşdy. Parahatçylyga we howpsuzlyga garşy global meseleler, şeýle hem mejlis agzalarynyň Gelejek baradaky şertnamany ösdürmäge we parahatçylyk dörediji toruň döredilmegine goşýan goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy.
9-njy fewralda türkmen wekiliýeti «Parahatçylyga we tehnologiýa täze howplar» bölüminde çykyş etdi. Wekiliýet öz beýanynda dünýä we sebit derejesinde, şol sanda parlamentara diplomatiýasy arkaly parahatçylygy we ynamy güýçlendirmek üçin Türkmenistanyň amaly başlangyçlaryny hödürledi.
Hususan-da, Halkara dialogyň ýylynyň netijeleri, Bitaraplyk dostlary toparynyň işi we Merkezi Aziýada Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyny berkitmek üçin amaly ädimler görkezildi.
Gülnäz GURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler