Häzirki zaman globallaşan dünýämizde iňlis dilini öwrenmek zerurlyga öwrüldi. Bu dil häzirki wagtda iň köp gürlenýän dil bolup 96 sany ýurtda 1,5 milliýartdan gowrak gürleýjisi bar.
Iňlis dilini öwrenmek hünär taýdan ösmek üçin köp mümkinçilikleri açmaga mümkinçilik berip size hünäriňizi kämilleşdirmäge gural hökmünde kömek eder. Iňlis dilini öwrenmekligiň her bir adam üçin dürlüçe zerurlyk ýa-da güýmenje bolup biler. Bu dil häzirki wagtda halkara aragatnaşykda, işewürlikde ylymda, tehnika-tehnologiýada has giňden peýdalanylýar.
Iňlis dilini öwrenmekligiň ähmiýetli taraplary diýseň köpdür, olaryň esasy 3 sanysy:
- Iňlis dili halkara aragatnaşyk dilidir. Ony öwrenmek, dürli ýurtlardan we medeniýetlerden bolan adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga we täze dostlar bilen tanyşmaga kömek edip biler. Şeýle-de köpsanly maglumatlar we çeşmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik berip biler.
- Iňlis dili işewürlik dilidir. Ol ýerlikli peýdalanan halatyňyzda karýeraňyzy ösdürmäge we girdejiňizi artdyrmaga kömek edip biler, sebäbi häzirki wagtda ähli kärhanalar we guramalar iňlis dilini bilýän işgärleri soraýarlar. Mundan başgada daşary ýurtlara syýahat etmäge we işlemäge kömek edip biler, köpsanly ýurtlarda iňlis dili resmi döwlet dili hasaplanýar.
- Iňlis dili tehnologiýanyň dili. Ol täze zatlary öwrenmäge we tapmaga kömek edip biler, sebäbi ylmy tehnologiki gözlegleriň we innowasiýalaryň köpüsi iňlis dilinde neşir edilýär we öndürilýär.
Häzirki wagtda iňlis dilini öwrenmek diňe bir ukyp başarnyk däl, eýsem häzirki wagtda zerurlykdyr. Adamlar bilen aragatnaşyk gurmaga, hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hünäriňizi kämilleşdirmäge, hünär maksatlaryňyza ýetmäge kömek edip biler.
Ogulbossan Guwanjowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler