Kiberhowpsuzlygyň adamyň durmuşyna ýetirýän täsiri

Kiber – bu islendik bir tehnikanyň ýa-da tehnologiýanyň adam bilen arabaglanşygydyr. Internet torunyň durmuşymyza ornaşandan soňra adamlar online bilim öwrenip, wideo görüp, aýdym diňläp we şuňa meňzeş ýerine ýetirip bilýär.

Kibermedeniýet – kompýuterleri, serwerleri, ykjam enjamlary, elektron ulgamlary, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramak üçin usullaryň we amallaryň toplumydyr. Onuň esasy maksady maglumatlara girmek ýa-da ýok etmek, pul talap etmek, iş amallary bozmak üçin edilýän hüjümlerden goranmak we ol hüjümleri ýeňmekdir.

Mundan başgada ýurdumyzda ýaşlary kiberhowplardan goramak, şahsy maglumatyň gizlinligini goramagy öwrenmek, sosial mediýada jenaýat işiniň kesgitlemeleri barada düşünje bermek we onuň öňüni almak, kibermedeniýet habarlylygynyň ähmiýetini düşündirmek, gajetler we IoT tehnologiýalarynyň işleýşini düşünmek, maglumatyň howpsuz saklanylmagy, elýeterliligini erk etmek, rugsatsyz işleýşiň öňüni almak, geçirmek ýa-da öçürmek, gizlinlik kanunlary, syýasatlary we proseduralary barada düşünje bermek boýunça köpsanly işler amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda ylym ulgamy, tehnika ulgamy, maglumat ulgamy we sosial ulgam ýaly pudaklar ýüze çykan bolsa, indi täze bir ulgam ýagny, kiberulgam ýüze çykdy. Kibermedeniýet täze bir medeniýetiň görnüşi bolup global derejede kem-kemden emele geldi. Biziň bilýän medeniýetlerimiz bilen deňeşdirilende, bu täze medeniýetde adaty medeniýetiň aýratynlyklary däl, eýsem dürli aýratynlyklary bar. Bu ugurda birnäçe kategorýany tapawutlandyryp bolar:

  • Tor howpsuzlygy – kompýuter torlaryny hüjümlerden we zyýanly hüjümlerden goramak;
  • Maglumat howpsuzlygy – ähli sanly maglumatlaryň gizlinligini, bitewiligini we elýeterligini üpjün etmek;
  • Habarlylygy ýokarlandyrmak – ulanyjylara bilim bermek. Bu ugur kiberhowpsuzlyk pudagynda iň garaşylmadyk faktoryň – adamyň täsirini azaltmaga kömek edýär.
  • Wirtual täzir – Kibermedeniýetde tor bilen, adamlar dürli işleri amala aşyrmak üçin wirtual ady we wirtual şahsyýeti ulanyp biler ýaly adamlar üçin wirtual giňişlik döredilen. Bu ýerde hakyky jemgyýetde bolup biläýjek daşky görnüş, ýaş, şahsyýet we status zerurlygy ýok.
  • Köp medeniýetli integrasiýa – Tor baglanyşygy arkaly dünýädäki dürlimedeniýetler we siwilizasiýalar birleşdirilip köp medeniýetli integrasiýany emele getirip bolar.

Kiber howplaryň görnüşleri:

Kiber jenaýatçylygy— bir ýa-da birnäçe hüjümçi tarapyndan, ulgamyň işini bozmak ýa-da maliýe gazanmak maksady bilen hüjüm etmek maksady bilen guralan hereketlerdir.
Kiber hüjümi — esasan syýasy häsiýetli maglumat ýygnamaga gönükdirilen hereketler.
Kiber terrorçylygy-gorky ýa-da howsala döretmek üçin elektron ulgamlary durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilen hereketlerdir.

Şol sebäpden, ulanyjylara kiberhowpsuzlyk kararlaryny almaga kömek etmek üçin kiberhowpsuzlyk başlangyçlary boýunça dowamly bilim bermek möhümdir. Adamlar gowşak parollary ulansa we goragsyz ulgamlarda işlese, howp astynda galar.

Mekan Ýazkurbanow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok