Türkmenistanyň ýygyndysy Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynda sportuň 9 görnüşi boýunça çykyş eder

Türkmenistanyň ýygyndysy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 9 görnüşi boýunça, ýagny boks, ýeňil atletika, agyr atletika, suwda ýüzmek, erkin göreş, grek-rim göreşi, 3 basketbol (3x), dzýudo, pauerlifting ýaryşlaryna gatnaşar.

Pariždäki XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler. Ýaryşda 206 sany milli olimpiýa komitetine wekilçilik edýän türgenler sportuň 32 görnüşi boýunça 329 sany medallar toplumy üçin göreşerler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmen türgenleri şu ýylyň tomsunda boljak bu abraýly ýaryşa ykjam taýýarlanýarlar. Şol maksat bilen Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi.

Fransuz Respublikasynyň şanly nyşany bolan Frigiýa şyrdagy tomusky oýunlaryň nyşany hökmünde saýlandy. Fransuz halky üçin ol azatlygyň nyşanydyr.

Pariž–2024-iň guramaçylyk komiteti Olimpiýa oýunlarynyň wizual dizaýnyny we sportuň 62 görnüşiniň nyşanlaryny hem taýýarlady.

Pariž Olimpiýa oýunlaryna täze ugur – breýking ýa-da breýk-dans girizildi. Sport görnüşi hökmünde ol şäher tansynyň üýtgeşik çeýeliginiň utgaşygydyr. Breýking Bütindünýä tans sport federasiýasynyň (WDSF) ugurlarynyň biridir.

Taryhda ilkinji gezek 32 türgen (16 B-Oglan we 16 B-Gyz) ýaryşda Olimpiýa medallary ugrunda bäsleşerler.

Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek açylyş dabarasy stadionyň daşynda geçiriler. Derýadaky gaýyklarda türgenleriň ýörişi guralar. Milli ýygyndylar Sena derýasynda 6 km ýol aşyp, Olimpiýa alawyny ýakmak üçin Trokadero seýilgähindäki stadiona ýygnanarlar.

Aýbölek AKMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok