Şu gün Türkmenistanly futbolçy Lionel Messi bilen bir meýdançada çykyş eder

Şu gün ýagny 4-nji fewralda Gonkongyň Milli stadionynda, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarymgoragçysy, Gonkongyň “Kitçi” toparynyň oýunçysy Ruslan Mingazow ABŞ-nyň “Inter Maýami” futbol kluby bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşgynda Lionel Messi bilen bir meýdançada çykyş eder.

Lionel Messini we onuň “Barselonadaky” öňden gelýän ýoldaşlary Luis Suaresi, Serhio Busketsi we Žordi Albany özünde jemleýän “Inter Maýami” klubyna garşy geçiriljek duşuşykda “Kitçiniň” düzüminde türkmen futbolçysy Ruslan Mingazow bilen bilelikde onuň 5 topardaşy çykyş eder.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ruslan Mingazow 2022/2023-nji ýylyň oýun möwsüminde Gonkongyň iň gowy futbol oýunçysy diýlip yglan edilipdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok