«Arkadag» futbol kluby «Wardar» klubyny ýeňlişe sezewar etdi

«Arkadag» futbol kluby Demirgazyk Makedoniýanyň iň atly toparlarynyň birini — «Wardar» klubyny ýeňlişe sezewar etdi. Klublaryň ikisiniň hem Antalýa şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde guralan duşuşyk «Arkadag» toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda Türkmenistanyň çempionynyň ýeke-täk goluny hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Wardar» futbol kluby 1947-nji ýylda esaslandyryldy. Topar Demirgazyk Makedoniýanyň 11 gezek çempionydyr, 5 gezek bolsa ýurduň Kubogynyň eýesidir. Ýurduň paýtagty Skopýe şäheriniň topary Ýewropanyň Ligasynyň pleý-off hem-de toparçadaky tapgyrlarynda çykyş etdi.

«Arkadag» futbol klubynyň täze möwsüme görýän taýýarlyk işleriniň çäginde 10-njy fewralda Ukrainanyň «Dnepr-1» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini bellemek gerek.

Türkmen toparynyň Türkiýe Respublikasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 12-nji fewrala çenli dowam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok