Şu ýylyň başynda döredilen «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bilen adybir topar bu üstünligini çempionatyň häzirki möwsüminiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda gazandy.
«Arkadag» futbol toparyny ilkinji möwsüminde ilkinji çempionlygyna ýetiren duşuşyk paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi. Tejribeli hünärmen Wladimir Baýramowyň şägirtlerinden pökgüleriň ikisini Welmyrat Ballakow (44-nji we 68-nji minutlarda), galan ikisini hem Didar Durdyýew (58-nji we 60-njy minutlarda) geçirdi. Şeýlelikde, çempionatyň şu möwsüminde geçiren 20 duşuşygynyň ählisinde hem ýeňiş gazanan «Arkadag» topary möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny 70-e, utuklaryny bolsa 60-a ýetirdi.
Toparyň Türkmenistanyň Kubogynda hem üstünlikli çykyş edip gelýändigini ýatladýarys. Ýarym finalda «Altyn asyr» bilen duşuşýan «Arkadag» topary ilkinji duşuşygynda uly hasap bilen üstün çykyp, finala has golaýlaşan topar boldy. Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýesi hem şu aýda belli bolar.
Ýeri gelende belläp geçsek, «Arkadag» futbol topary 2024-2025-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Kadyr GURBANNEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler