ÝUNESKO – Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Hödürnama sereder

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli Hödürnamasyna Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde serediler.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň metbugat beýanatyna görä, bu çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, ýurduň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşýar.

Sessiýanyň dowamynda jemi 55 täze hödürnama gözden geçiriler. Olardan 45-si adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna, 6-sy gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni miras sanawyna hödürlendi.

Çärä 181 döwletiň wekilleri, hökümete dahylsyz guramalaryň we medeni guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

Çynar GYLYÇTAGANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok