Aşgabatda ilkinji gezek “Agro-Pak Türkmenistan-2023” atly halkara sergi geçirilýär

Şu gün (28-30-njy noýabry aralygynda) ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» atly halkara sergisi öz işine başlar. Bu halkara sergisini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda geçiriljek bu gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribeleri we işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Bu halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki onlarça daşary ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we kompaniýalar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny we önümlerini hödürlärler.

Tawus MURATBAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok