«Sanly bilim ulgamynyň» ähmiýeti

Biziň häzirki döwrümizi tehnikanyň we tehnologiýanyň zamanasy diýmek bolar. Sebäbi her bir işde tehnikanyň tehnologýanyň bolmagy alynyp barylýan işiň depginini artdyrýar, çalt we önjeýli işlemäge mümkinçilik döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda tehnikanyň tehnologiýanyň mümkinçilikleri artdyrylýar. Öňki bar bolan tehniklaryň durky täzelenýär, bu bolsa öz gezeginde önümçiligiň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň ösmegine itergi berýär. Jemgyýeti ösürmekde esasy orun ylma degişli bolup durýar. Şol sebäpli häzirki döwürde ylmy-tehniki özgerişleriň ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy bellärliklidir.

Häzirki wagtda dünýä tejribesini öwrenmek, ony halkymyza ornaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar, hut şonuň üçin hem sanly bilim ulgamy ösdürilýär, özgerdilýär.

Biziň häzirki dünýämizde «Sanly bilim ulgamy» adalgasy giňden ulanylýar. Ähli ugurlarda bilim ulgamynda, ykdysadyýetde, senagatda, saglygy goraýyş pudagynda sanly ulgama geçmek, bu umumadamzat ähmiýetli täzeçillikdir.

Bilim ulgamynda elektron kitaplaryň we hyzmatlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagy berilýän bilimiň mazmunyny kämilleşdirýär, okatmagyň täze usullary peýda bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş alyp çykmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. 

Hekim Maýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok