Ýaşlar syýasatynyň esasy ugry – kämil nesli kemala getirmek

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, kämil hünärli, ýokary ahlakly, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýola goýulýan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmekde, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny, at-abraýyny pugtalandyrmakda bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirilýär. Çünki şu günki nesiller ýurduň nurana ertiri, aýdyň geljegidir. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmek babatdaky asylly başlangyçlary bu gün Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen dowam etdirilýär.

Ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň aň-paýhas, ylym-bilim hem-de döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge doly mümkinçilik döredilýär. Şeýle-de ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenen. Şöhratly taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly, watansöýüji, ilhalar ýaş nesiller ata Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmek boýunça köpugurly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, täzeçil ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyk üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilen.

Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, däp-dessurlaryny hem-de türkmeniň maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan kämil şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.

Ýaşlarda bilimi yzygiderli baýlaşdyrmaga, ylym almaga bolan islegi terbiýelemegiň möhümdigine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugry bolup çykyş edýär. Alym Arkadagymyz: “Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar, bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr” diýip belleýär.

Elbetde, munuň özi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, möhüm ugurlar boýunça ylmy barlaglary alyp barmagy, ylmy-tehniki täzeliklerden habarly bolmagy babatda netijeli işlere uly orun berilýändigini alamatlandyrýar.

Begmyrat GELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Kärdeşler arkalaşygynyň
talyp hakynyň eýesi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok