Türkmen türgenleri Duşanbe şäherinde geçirilen sport ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýaňy ýakynda Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji maslahat maslahatynyň we IFAS-ny esaslandyryjy döwletleriň geňeşiniň mejlisiniň çäginde sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa türkmen türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Bäsleşik Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň türgenleriniň arasynda geçdi.

Ýagny zenanlaryň arasynda geçirilen, erkin usul görnüşinde türkmen türgenleri Waleriýa Mirenskaýa, Ogulmerjen Nuraýewa kümüş medala, 50 metrlik döşde ýüzmek görnüşi boýunça bürünç medala mynasyp boldular. Erkekleriň arasynda Kurban Hommadow 200 metr aralyga ýüzmekde bürünç medal gazandy.

Häzirki wagtda türkmen sportuny ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Sagdynlyk, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi. Saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwran HANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok