Bingärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylar

Eziz diýarymyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli amala aşyrylýar.  

Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugry hasaplanýar. Häzirki wagtda bu ulgamy ösdürmek üçin ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn  ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Halkymyzda «Gurýan döwlet gurply döwletdir» diýilýär. Ýurdumyzda yzygiderli gurulýan desgalaryň aglabasynyň bilim ojaklarydygy bolsa has-da buýsançlydyr. 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň düýbüniň tutulmagy-da ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamynyň geriminiň barha giňeýändigini tassyklaýar. 

Şeýle iri, möhüm ähmiýetli desgalaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.  

Täze ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem täze hünärleriň birbada 4-si — maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berlip başlandy.

Mämmetoraz NURYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok