Hytaý 2030-njy ýyla çenli adamly uçuşy gurnap, Aýa gadam basmagy maksat edinýändigini mälim etdi. Hytaýyň Kosmos Maksatnamasy boýunça guramasynyň müdiri «Hytaýyň Aýyň üstüne gonmagy Älem giňişligini has içgin öwrenmäge şert döreder» – diýip belläp geçdi.
Hytaýyň Kosmos Maksatnamasy boýunça guramasy 2030-njy ýyla çenli adamly uçuşy gurnamak üçin häzirden degişli işlere girişdiler. Aýa adamly uçuşyň esasy maksady bolsa ylmy gözlegler we tehnologiýa synaglaryny geçirmek bolup durýar.
Aýa uçuş üçin «Long March-10» atly geljek nesil kosmos gämisinden peýdalanylar. Hytaý mundan ozal 2050-nji ýyla çenli Aýda doly işleýän gözleg bazasyny döretmek meýilnamasyny amala aşyrmaga girişilendigini mälim edipdi.
«Halkara Aý gözleg bazasy» atly taslamanyň çäginde, 2028-nji ýyla çenli 3 sany gözleg maksatnamasynyň çäginde 7 sany uçuş amala aşyrylar. Aýda dörediljek bazanyň esasy ýagdaýyny kesgitlemek ilkinji etapda bolar.
Aý gözleg bazasy 2050-nji ýyla çenli Mars, Wenera we ondan soňky kosmos uçuşlaryny goldamak üçin köp ugurly gözleg merkezine öwrüler.
Röwşen MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler