Ýaş çaparlar finala tarap…

Şu gün Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I ýarym final oýuny geçirildi.

Akyl-paýhas bäsleşigiň «Dialog-parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsüminiň I ýarym final oýuny «Siwilizasiýalaryň dialogy-adamzat parahatçylygy üçin binýatlyk esasdyr» diýlip atlandyryldy.

Belläp geçsek, bäsleşigiň mundan öň 4 sany oýny geçirilip, netijede 16 sany mekdep okuwçylary bäsleşigiň ýarym final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şu günki ýarym final oýunda bolsa 4 sany ýaş çapar finala gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olar:

Güljan SerdarowaMary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy;

Mekan Agahanow Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy;

Yhlas HallyýewMaýa Kulyýewa adyndaky Türkmen dilli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy;

Anwar BekmedowDaşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.


Surata düşüren:
Taňryberdi MYRATLYÝEW.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok