Dünýädäki iň howply botanika bagy

Angliýanyň Alnwick şäherinde gurlan botanika bagy, iň meşhur şeýle hem dünýädäki iň howply botanika baglaryň biri hasaplanylýar. Alnwick bagynyň örän howply bolmagynyň sebäbi onuň içindäki ösýän zäherli ösümliklerdir.

Alnwick botanika bagyny dolulygyna gezim etmek üçin ýürek we batyrgaýlyk gerek. Bagyň içinde ösýän ösümlikler diňe bir adam üçin däl-de eýsem haýwanlar hatda mör-möjekler üçin hem howply bolup durýar.

Ölüm howply botanika bagy öz gözbaşyny 1995-nji ýyldan alyp gaýdýar. 2000-nji ýylda başlanan botanika bagynyň gurluşygy we arhitekturasy 2003-nji ýylda tamamlanýar.

2005-nji ýylda jahankeşdelere açylan Alnwick botanika bagy 100-den gowrak zäherli ösümligi özünde jemleýär. Baga gezim edilýän wagty ondaky zäherli ösümliklere degmek, ysgamak ýa-da olardan iýip görmek düýbünden gadagan.

Botanika bagynyň içinde birbada onlarça adamy öldürmäge ukyply ösümlikler bar. Jahankeşdeleriň botanika bagynyň düzgünlerine boýun bolmazlygynyň öňüni almak üçin bagyň içine gezelençler ýörite adamlar tarapyndan gollanmalar bilen amala aşyrylýar.

Akbibi KULIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok