Bahar gülleri barada bilmek gyzykly

Ýumşaklygy, gadyry, söýgini we ajaýyplygy alamatlandyrýan bahar gülleri her bir adam üçin arzyly sowgatdyr. Ýazyň gelmegi bilen tebigat ajaýyp reňbe-reň güller bilen bezelýär, daş-töwerekde al-elwan gülleriň özboluşly sazlaşygy emele gelýär. Ýaz paslynda gülleýän gül ösümlikleriniň sany sanardan kändir. Geliň, şeýle bahar gülleriniň käbirleri hakynda durup geçeliň:

  • Baharyň esasy nyşany çigildemdir. Çigildemler hakda ilkinji gezek XI asyrda ýazylyp beýan edilipdir. Şeýle gadymy gül barada Injiliň tekstlerinden birinde hem tapyldy. Çigildem köpleriň halaýan bahar gülleriniň biridir. Ol hatda baldagyndan kesilenden soň hem ölmän, arassa suwda ösmegini dowam etdirýär.
  • Muskari. Simmetrik, çuň gök ýa-da ak bud bilen tanalýan we köplenç kembaha garalýan gül. Onuň reňkli gülleri baýramçylyk üçin niýetlenen gül çemenlerini ajaýyp görnüşde doldurýar.
  • Erantis. Gülüň ylmy ady Eranthis hyemalis. Onuň owadan sary reňkli gülleri bolup, watany günorta Ýewropa ýurtlarydyr. Ol ekilenden 3 ýyl soň gülleýär.
  • Krokuslar. Giňden ýaýran gül, dünýäde 80-den gowrak görnüşi bar, olaryň käbiriniň Tebigaty goramagyň Halkara Gyzyl kitabynda hem sanalandyr.
  • Giasintler. Bezeg-bagçylygynda köplenç ulanylýan ýakymly ysly ösümlik.
  • Irisler. Gök we ak reňkli ajaýyp gülleriň toplumy. Bu güller gül estetikasyny özünde jemleýär.
  • Narsisler. Şahyrlar tarapyndan ösümlik dünýäsiniň “şa zenany” hasaplanylýan gül. Çigildemler ýaly uzak wagt suwda saklanyp bilýär. Ol hakynda ençeme rowaýatlarda hem beýan edilýär.
  • Anemona – maý aýynyň başynda gülläp başlaýan bahar gülleriniň biridir. Onuň gülleri örän näzik we owadan gülgüne, mämişi reňklidir. Ony güýz aýynda göçürmek we köpeltmek bolýar.
  • Mimoza gülüniň sary hoşboý ysly ajaýyp keşbi we ondan taýýarlanan gül çemenleri bahar baýramynyň özboluşly nyşanydyr.

Ýokarda beýan edilen ösümlikleriň hemmesi bahar möwsüminde gülleýän ilkinji bahar gülleri bolup, olar tebigatyň bezegi, ýazyň ýaraşygydyr.

Dünýägül BAZARBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok