«Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň rowaç geljeginiň kepili» atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň  Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň  Jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki geçirilen mejlisi mynasybetli  «Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň rowaç geljeginiň kepili» atly maslahat geçirildi.

Bu geçirilen Maslahatyň çäklerinde bu çärä işjeň gatnaşanlar Türkmenistanyň konstitusion we kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli has-da kämilleşdirilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz has-da berkeýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen oňyn konstitusion özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, Türkmenistanda konstitusion we kanunçylyk-hukuk binýadynyň has-da kämilleşdirilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy bilen berk baglydygy, Milli Liderimiz, Hormatly il ýaşulusy, mähriban Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda geçiren bilelikdäki taryhy we örän möhüm hem-de wajyp maslahatynda Türkmenistanyň döwlet gurluşyny, konstitusion we kanunçylyk-hukuk binýadyny hem-de kanun esasynda kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de has-da kämilleşdirmek, syýasyjemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak bilen bagly öňe süren başlangyçlary atababalarymyzyň asyrlar boýy emele getiren, adalatlylyga, deň­lige, halallyga, ynsanperwerlik ýörelgelerine, demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýoluny geçen döwründen bäri ykdysady, durmuş we hukuk babatda jemlän tejribesini öz içine alyp, netijede Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn konstitusion özgertmeler – türkmen halkynyň rowaç geljeginiň kepili bolup durýandygy barada täsirli çykyş etdiler.

Bu geçirlen maslahata  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şeýle hem Türkmenistanyň  Goranmak ministirliginiň harby gullukçylary we Aşgabat şäheriniň saglyk we bilim edaralarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Ogulnar BAÝRAMOWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli nerkeziniň Guramaçylyk we
medeni – köpçülik bölüminiň esasy hünärmeni

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok