«KIBERone» halkara programmirleme mekdebi IT ulgamynyň geljekki ýaş hünärmenlerini, has dogrusy, 6-16 ýaş aralygyndaky çagalary we ýetginjekleri okuwa kabul edýär. Aşgabat şäherinde ýerleşýän çagalar üçin ilkinji halkara programmirleme mekdebinde çagalar we ýetginjekler üçin programmirlemegiň esaslaryny öwrenmek boýunça okuw sapaklary geçirilýär.
Okuw sapaklarynda okatmagyň häzirkizaman serişdeleri giňden peýdalanylyp, sapaklar 10 adamdan ybarat toparlarda 120 minut dowamlylykda geçirilýär. «KIBERone» merkezinde sapaklary IT hünäri bilen amaly taýdan işjeň meşgullanýan tejribeli mugallymlar geçýärler.
Tapgyrlaryň mazmuny her alty aýdan IT bilim pudagynda bolup geçýän täzeliklere laýyklykda täzelenýär. Bu mekdepde okuwçylar programmirlemek, web saýtlary we amaly programmalary döretmek, 3D modelirlemek we oýun oýnamak, grafiki redaktorlar bilen işlemek, wideo we animasiýa döretmek, olary redaktirlemek, emeli aň we wirtual hakykat bilen işlemek, maglumatlary derňemegi öwrenmek ýaly ugurlar boýunça bilimlerini çuňlaşdyryp bilerler.
Mekdepde okuw sapaklarynyň wagtyny tygşytly ulanmak maksady bilen, sapagyň wagtynyň 80 göterimden gowragy amaly taýýarlyklara, 20 göterime golaýy bolsa oýun görnüşinde geçilýän nazary bilimlere bagyşlanýar.
Teswirler