Paýtagtymyzda geçirilen Rus-türkmen işewürlik maslahatynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Russiýa bilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň gündogar kenarýakasyndan awtomobil ýoluny gurmak taslamasyny durmuşa geçirip biljekdigi barada aýtdy.
«Halkara ulag ýollarynyň emele gelmegine aýratyn ähmiýet berýäris we biziň bu babatdaky wezipämiz türkmen kärdeşlerimiziň çemeleşmelerine doly laýyk gelýär. Bilelikde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üstünde işleýäris we kämilleşdirýäris. Bu bolsa işewürlik üçin gurluşyk infrastrukturasy, hyzmatlar we söwda-logistika merkezleri, deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly giň mümkinçilikleri açar» – diýip, RF-niň Hökümetiniň Başlygy işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.
Hazar deňzindäki rus we türkmen portlarynyň ýük dolanyşygyny artdyrmagyň, demir ýol lokomotiwleri, ýük we ýolagçy awtoulaglary bilen üpjünçiligini giňeltmegiň hem möhüm wezipelerdigi aýratyn nygtaldy.
Süleýman DÖWLETMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler