«Hoş habar» hem-de «Hoş surat» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň bilelikde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli yglan eden «Hoş habar» we «Hoş surat» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, uly ösüşler, üstünlikler gazanylýar. Şol bir wagtyň özünde-de söwda ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Edilen işleri, ýetilen sepgitleri gyzgyny bilen halka ýetirmek bolsa ýaşlaryň paýyna düşýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, yglan edilen bäsleşik höwesjeň ýaşlaryň birnäçesini orta çykardy. Şeýle hem türkmen kärhanalarynyň täze ýola goýan önümçilikleri, önümçilik kuwwatlyklary, olaryň alyp barýan işleri barada has-da ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Mundan başga-da, redaksiýamyzyň salgysyna ugradylan gözel şäherimiz Aşgabady, onuň ajaýyp ýerlerinde düşürilen dürli hili ajaýyp fotosuratlar ýaşlaryň bu babatda hem ukyp-başarnyklarynyň bardygyny görkezýär.

Ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny höweslendirmek hem-de halkymyza ýetirmek maksady bilen yglan edilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden, şeýle-de beýleki dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler özleriniň taýýarlan habarlarydyr fotosuratlary bilen gatnaşdylar. Olaryň içinde has tapawutlananlary Hormat haty hem-de gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Okuwlarynda, döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edip, ýeňiji bolan ýaşlaryň sanawyny dykgatyňyza ýetirýäris.

«Hoş habar» ugry boýunça

1-nji orun — Mätgurban Mätgurbanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby;

2-nji orun — Sona Halykowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby;

2-nji orun — Çary Çaryýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby;

3-nji orun — Medet Öwezow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby;

3-nji orun — Yhlas Abdyrahmanow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.

«Hoş surat» ugry boýunça

1-nji orun — Ilaman Çüriýew, «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy;

2-nji orun — Mahym Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;

2-nji orun — Şamyrat Muhammetgurbanow, «Türkmenportal» websaýtynyň habarçysy;

3-nji orun — Aýläle Hemranazarowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;

3-nji orun — Baýgeldi Çaryýew, çagyryş boýunça gullukçy.

«Biznes reklama».

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok