Ady rowaýata öwrülen futbolçy Pele aradan çykdy

Bir ýyldan gowrak wagt bäri içegäniň düwnük keselinden bejergi alýan Braziliýanyň ady rowaýata öwrülen futbolçusy Pele, bejergi alýan Albert Einşteýn hassahanasynda 82 ýaşynda aradan çykdy. Bu baradaky habary onuň gyzy Kely Nascimento jemgyýetçilik platformalarynda paýlaşdy.

Pele – 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda  Braziliýanyň «Três Corações» şäherinde dünýä indi. Iki çagasy bolan garyp maşgalanyň uly çagasy bolan meşhur Braziliýaly futbolçy «Edson Arantes do Nascimento» şol döwürde mekdep dostlary tarapyndan «Pele» lakamyny aldy.

Ýaş wagtynda kafelerde ofisiant bolup işlän we belli bir ýaşyna çenli birje futbol topy hem bolmadyk Pele, ýaşyl meýdança ilkinji ädimini «Bauru Athletic Club» topary bilen ätdi. Ol 1954-1956-nji ýyllarda ýetginjekleriň arasyndaky Döwlet çempionatynda 3 gezek ýeňiji boldy.

Pele – 3 gezek (1958-nji ýylda Şwesiýada, 1962-nji ýylda Çilide we 1970-nji ýylda Meksikada) dünýä kubogyny gazanan ýeke-täk oýunçydyr.

Futbol taryhynda adatdan daşary üstünlik gazanan futbolçy, 1956-njy ýyldan 1977-nji ýyla çenli (pensiýa çykýança) 1363 oýunda 1279 topy tora salyp Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Pele – FIFA tarapyndan «Iň gowy futbolçy» saýlanyldy we «Asyryň oýunçysy» baýragyna mynasyp boldy.

Belläp geçsek, Pele 17 ýaşyndaka 1958-nji ýylda geçirilen Dünýä çempionatynyň finalynda atan goly bilen Dünýä çempionatynyň finalynda iň köp gol salan iň ýaş oýunçy bolmagy başardy.

Atajan EÝÝUPOW.

Teswirler

J

Allam iman hemrasyny bersin! Pele yalak sahsyyetler gaty azdyr. Yatan yeri yagty jayy Jennet bolsun!