Tokaýew Gazagystanda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Gazagystanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň – saýlaw komissiýasynyň deslapky netijelerine görä, wagtyndan öň geçirilen Prezident saýlawlarynda 81,31 göterim ses alyp, Kasym-Jomart Tokaýew ýeňiş gazandy.

Gazagystanyň halky düýn 7 ýyl ýurdy dolandyrjak Prezidenti saýlamak üçin saýlawlara gatnaşdy.

Geçirilen Prezident saýlawlaryna 6 sany dalaşgär gatnaşdy. Berlen sesleriň 81,31 göterimini Kasym-Jomart Tokaýew alyp ýurduň Prezidenti boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok