Seni özünden has beter söýen Ejeňiň aýtmadyk zatlary..

  1. «Zyýany ýok, men gowy» diýse-de, ençeme gezek ejir çekdi.

Çaga wagtyň saçyny çekeniňde, kiçijik we ýiti dyrnaklaryň bilen elini tutaňda we ene süýdi bilen emdirýän wagty dişläniňde ejir çekdi. 9 aýlap göwresinde götereninde hereketde bolduňyz! Ejir çekdi, agyrdy emma hiç hili bildirmedi. «Men gowy» diýip gezdi…

2. Ony garyşyk duýgular bilen agladýan wagtlaryňyz boldy.

Bilýän bolsaň, ol seni ilkinji gezek gujaklanda aglady. Ol bagtdan aglady. Ol gorkudan aglady. Ol alada bilen aglady. Sen onuň bir bölegi bolanyň üçin aglady. Ol sen gynananyňda gynandy…

3. Aslynda ol iň soňky galan tortuň bölegini iýmek isledi.

Iň soňkuja galan tortuň ýa-da şuňa meňzeşiň bölegini iýmek isledi. Emma sen iýersiň diýip saňa goýdy. Men iýdim diýip ýuwdundy. Ol sen üçin gowy görýän zatlaryndan ýüz öwürdi…

4. Onda elmydama gorky we alada bar.

Ol sen göwresinde janlanyp başlanyň bäri seni goramak üçin bar güýjüni sarp etdi. Sen ilkinji ädimler bilen ýöräp başlanyňda ýykylaýmasyn diýip ýüregi ýerinde durmady. Öýe sag-aman gelýänçäň ýatmady. Seni ugratmak üçin ýa-da hoşlaşmak üçin irden turdy. Ol siz hakda gaty alada etdi…

5. Sen onuň näçe gezek ýüregini agyrtdyň, ýüzüni aldyň!

Bilibem bilgeşleýin birnäçe gezek oňa erbet sözleri aýtdyň, diýenini etmediň, batly sesiň bilen gygyrdyň! Ýüzüni aldyň! Içine saldy, hiç zat diýmedi.. Seniň aýdan birnäçe paýyş sözleriňi eşitdi. Garşylyk görkezmedi!..

6. Ýatanyňdan soň seni synlaýardy.

Sen çaga wagtyň ýatmagyň üçin birnäçe hüwdüler aýtdy. Hat-da özi ýatmady, emma seni ýatyrdy. Ýadawlygyna garamazdan, gijäniň bir wagty turup seni emdirdi. Ulalanyňyzdan soň, edil häzir hem üsti açyk galaýmasyn diýip ol mähirli gözleri bilen ýatanyňyzdan soň sizi synlady…

7. Diňe 9 aý däl, ondan köp wagtlap seni göterdi.

Sen tä ýöreýänçäň göterip gezdi. Ýöräniňden soň hem garawullap gezdi…

8. Ol bu ýokarda aýdylan zatlar ýene gaýtalasa ýene-de ederdi.

Eje bolmak adamyň edip biljek iň kyn zatlarynyň biridir. Eje bolup köp zady öwrenýärsiň. Ýüregiň eýe bolup biljek iň uly söýgüsini başdan geçirýärsiň.

9. Seni hemişe ilkinjileriň hatarynda goýdy.

Käwagt sen gelýänçäň bileje iýeris diýip iýmän oturdy, garaşdy. Özi iýmän saňa iýdirdi, geýmän geýdirdi.  Sen onuň durmuşynda ilkinjileriň hataryndadyň. Pikir edişiňden has möhüm ýerdediň!

10. Ol iň beýik söýgä mynasyp.

Ol dünýädäki ähli zatlaryň iň gowusyna mynasyp! Ol söýginiň iň beýigine mynasyp! Eger häzir ol seniň ýanyňda bar bolsa, haýal etmän gujakla! Alyslarda bolsa birje minut jaň et! Eger bu dünýäde ýok bolsa onda doga et!..

Şeýle-de okaň!:

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok