Şu gün Aşgabat şäherinde ýerleşýän Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty öz işine başlady. Umumymilli forumyň gün tertibinde garaşsyz ösüşiň geçen taryhy döwründe gazanylan üstünliklere syn bermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bolar.
Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyna – ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşýarlar. Şeýle hem Ahal welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasyna, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerine ýygnanan ýurdumyzyň sebitleriniň wekilleri bolsa maslahata sanly ulgam arkaly goşuldylar.
Teswirler