Türkmen tebigatynyň özüne ýetik gözelligi bar. Tebigatymyzyň owadanlygyny daglarymyzda, düzlerimizde, çöllerimizde görmek bolýar. Gatbar-gatbar daglarymyzy bezäp oturan ösümlikleriňdir haýwanat dünýäsiniň hersiniň öz aýratynlygy bar. Türkmen tebigatynyň hoştap howasy, Garagum sährasynyň gum depeleri ähli pasyllarda öz gözelligi bilen tapawutlanýar.
Tebigat hakyndaky alada geljek nesilleriň abadançylygy baradaky aladadyr. Häzirki döwürde jemgyýetimizde ýokary derejeli ekologiýa medeniýeti kemala gelýär. Ýurdumyzda ählihalk ýowarlary esasynda bag ekmek möwsümleri her ýyl giň gerimde geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen müňlerçe düýp bag nahallary ekilýär. Ýaşyl zolaklar oba-şäherleriň, ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, dag eteklerindäki, suw akabalarynyň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäklerini giňeldýär. Olar topragyň zaýalanmagynyň öňüni alýar, howany gowulandyrýar. Ekologiýa maksatnamasy adamlaryň durmuşyny tebigat bilen sazlaşykda utgaşdyrmaga, daşky gurşawyň sagdynlaşmagyna, ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilendir.
Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bagy-bossanlyk, ýaşyl zolaklar göreniň gözüni dokundyrýar, daş-töwerege gözellik çaýýar, hoştap howasy bilen hemmelere sagdynlyk we ruhubelentlik bagyşlaýar. Sanly ýyllaryň içinde ese-boýa galan bagçylyk zolaklarynda täze ösümlik we haýwanat gurşawy kemala gelýär. Müň bir dürli ot-çöpleriň bitýän mekany bolan ene topragymyzyň ösümlik biodürlüligi, ýerleriň ekologik deňagramlylygy ilkibaşdaky durkunda gaýtadan dikeldilýär. Adamy, onuň saglygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmegi baş maksat hökmünde ileri tutýan Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bag ekmek başlangyjy ilatyň saglygyny goramagyň we berkitmegiň hem işjeň serişdesi bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we iri obalarynyň daş-töwereginde peýda bolan tokaý zolaklary howanyň arassalanmagyna, arassa kislorod bilen baýlaşmagyna we amatly derejede çyglanmagyna ýardam edýär.
Ekologik bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň durmuş ähmiýetiniň ýokarlanýan häzirki döwründe ýaşlaryň döwlet derejesinde giň gerimde alnyp barylýan ekologiýa syýasatyna işjeň goşulyşmagyny gazanmaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreler döwrüň öňe çykaran möhüm wezipesi bolup durýar.
Amangül ALLABERDIÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Pedagogika we psihologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler