Ýurdumyzyň talyplary Halkara olimpiadasynda üstünlik gazandylar

Ýurdumyzyň talyplary Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň geçiren matematika boýunça 15-nji Halkara internet-olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip dürli derejeli medallaryň 22-sini eýelediler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Jepbar Asgarowyň ýolbaşçylygyndaky topar emin agzalarynyň karary bilen altyn medala eýe boldy.

Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary ş.), Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz ş.), ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat ş.),Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de  Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitertiniň milli ýygyndylary kümüş medallaryň 11-sini we bürünç medallaryň 10-syny eýelediler.

Halkara internet-olimpiadasy iki bölümden: blis-ýaryşdan we toparlaýyn birinjilikden ybarat boldy. Ol üç dilde: iňlis, rus we iwrit dillerinde geçirildi. Bäsleşige dünýä ýurtlarynyň onusyndan 100 toparyň hatarynda 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Olaryň arasynda –ABŞ, Beýik Britaniýa, Belarus, Polşa, Çehiýa, Russiýa, Rumyniýa, Hindistan, Ysraýyl döwletleri bar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriiniň 9-synyň talyplar ýygyndylary Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Olimpiadada Oksford uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa), G.W. Plehanow adyndaky Russiýa ykdysadyýet uniwersitetiniň, M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa), A.I. Kuza adyndaky Ýassy uniwersitetiniň (Rumyniýa) talyplary çykyş etdiler.

Halkara internet-olimpiadasynyň jemi boýunça oňa gatnaşan ýurtlardan matematika boýunça gowy netije görkezenleriň 86-synyň ady bellenildi. Olaryň 22-si abraýly Halkara bäsleşiginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik eden türkmenistanly talyplar bolup durýar.

Aýjeren BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok