“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda türkmen Bitaraplygynyň dabaralanmagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylym-tehnika, medeniýet-gumanitar we beýleki möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki wajyp taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan esasy halkara we sebitleýin guramalar we käbir döwletler bilen özara gyzyklanma bildirýän giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy strategiýa yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatyň üstünlige getirmegi, esasan, Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplygyň hukuk derejesiniň berilmegi bilen şertlendirilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk senesiniň baýramy, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetlilik ýörelgeleri halklaryň arasyndaky dostlugy, ysnyşmagy berkitmäge, nesilleri watançylyk  we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Häzirki wagtda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara gepleşigini ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär.

Bitaraplygyň halkara-hukuk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan sebit döwletleri we dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýörelgelerine doly eýermek bilen, “Açyk gapylar” syýasatynyň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Milli Lidermiziň köpugurly daşary syýasy ugruny amala aşyrmakda, dünýä bileleşiginiň ýurtlary, halkara guramalary bilen giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde Bitaraplyk ähmiýetli orun eýeleýär.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde sebitiň ýurtlarynyň halkara ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna ýardam edýän energetika we ulag ugurlarynyň döredilmegidir. Ýurdumyzyň tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmagy diwersifikasiýalaşdyrmak daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutylýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirjek uly taslamalar dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýedir. Munuň şeýledigini häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan möhüm işlerden hem görmek bolýar. Bu gaz geçirijiniň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga öz saldamly täsirini ýetirýär. Beýleki tarapdan bolsa sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň ösmegine we gatnaşýan döwletleriň ikitaraplaýyn we köp taraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam edýär.

Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň giň gerime eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

.

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniňII ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok