Maýa goýum syýasatynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetindäki orny

         Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk-de ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

         Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, öndengörüjilikli ykdysady syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda durmuş taýdan nazarlandyrylan bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde uly ösüşler gazanylýar, düýpli sepgitlere ýetilýär. 

        Ýurdumyzda maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem,  daşary ýurt maýa goýum serişdelerini giňden çekmek bolup durýar hem-de bu ýagdaýy nazara almak bilen, köptaraply işewür gatnaşyklarynyň çägini yzygiderli giňeltmek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.

      Şu nukdaýnazaryndan, Halkara maliýe edaralaryndan hem-de halkara gaznalardan kiçi we orta telekeçiligi  goldamak üçin pul serişdelerini, karzlary çekmek boýunça çäreler toplumy yzygiderli esasda amala aşyrylýar.

       Bu gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine maýa goýmagyň ähmiýetini dabaralandyrýar hem-de maýa goýujylaryň ynamyny artdyrýar.

       Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlary artdyrmagyň ýollarynyň kämilleşmegi, jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň hojalyk subýektlerine goýlan maýa goýumlaryň netijesinde, şol subýektleriň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär. Maýa goýumlary çekmek we olary netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykýar.

     Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän maýa goýumlar we ýurdumyzyň içinde özleşdirilýän maýa goýumlar, bularyň ikisi hem halkyň bähbidine, ýurdumyzyň ilatynyň abadan ýaşaýşyna  gönükdirlendir. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiziň döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de durmuşa ornaşdyrmakda üstünlikli işler amala aşyrylýar.

      Kabul edilýan Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy ulgamyň paýy hem uludyr. Hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan senagat kärhanalaryň döredilmegine, häzirki zaman döwrebap önümçilikleriň, söwda merkezleriniň, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Muňa mysal hökmünde, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 10-aýynda ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde açylyp ulanylmaga berilen dürli ugurly desgalardyr binalar, täze ýaşaýyş jaýlaryny, söwda merkezlerini we durmuş-medeni maksatly binalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

     Kabul edilýän Maksatnamalarda bellenilen maksatlara üstünlikli ýetmek üçin, ilkinji nobatda ýudumyzyň daşyndan daşarky we ýurduň içerki maýa goýmak maksatly özleşdirmäge degişli bar bolan pul serişdeleriniň çekilmegini  üpjün etmäge ukyply ykdysady hojalyk subýektleri, şeýle hem işewürlik ugurlary işläp taýýarlamagyň we netijenamalary çykarmagyň binýatlaýyn şertleri kesgitlenendir.

     Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek döwrüň talabydyr.

      Bilime we ylyma, täze innowasion tehnologiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly täze döwrebap sanly tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak işleri maýa goýujylara we buýrujylara bildirilýän ynamdyr. Sebäbi, halkara ülňülerine laýyk gelýän we gurlup ulanylmaga beriýän dürli ugurly binalardyr desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

     Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de bularyň ählisi döwletimiziň uzakmöhletleýin strategik ösüşini ilerletmäge ygtybarly esas bolup durýar.

     Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýan hem-de täze-täze iş orunlaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

      Işewürligi we maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksadyny nazarlandyrylýan  strategik ähmiýetli işler, bu netijeli ösüşiň girewidir.

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallary edýän hormatly Prezidentimiziň  jany sag,  ömri uzak bolsun!

Bahar Jepbarowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok