Barha dabaralanýan Bitaraplyk syýasatymyz halkyň ýoluna — pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýar. Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar.
Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen Lideri parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar. Kökleri ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, dünýä ösüşiniň çarhyna bat beren türkmen Bitaraplyk daragtynyň köki has berkäp, äpet Parahatçylyk daragtyna öwrülýär.
Hemişelik Bitaraplyk — asyrlar aşan gatnaşyklaryň altyn derwezesi. Bagtyýarlyk döwrümizde milli gözbaşlara daýanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz mazmun taýdan has-da çuňlaşdy. 2020-nji ýyl – Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllyk ýubileý senesi ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ilkinji gezek ykrar edilenine 25 ýyl doldy. Iki sany ýubileý senäniň gabat gelýän ýylynyň ýurdumyzyň ykbalynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däl. Şanly ýylda hormatly Prezidentimiz ýylyň şygary bilen adybir täze kitabyny halkymyza sowgat bermegi Bitaraplyk syýasatymyzyň has-da dabaralandyrylandygynyň subudydyr.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler