“Makul sözlük” indi ulanyjylary üçin oflaýn görnüşde hem hödürlenip başlady. Windows operasion ulgamynda işleýän kompýuterler üçin türkmen we iňlis dillerindäki sözlügi ýükläp alyp bolýar. Bu sözlük sesli we smart görnüşde işläp düzüldi. Bu sözlügiň goşundysy (extension) işjeňleşdirilen ýagdaýda okalýan tekstlerdäki islendik sözüň üstüne basyp terjimesini görüp bolýar.
Bu programmany www.makulsozluk.com saýtyndan ýükläp alyp bolýar. Tutýan göwrümi 500 MB. Sözlügi göteriji diskleriň kömegi bilen başga kompýuterlere we gadželere hem geçirip bolýar.
Şeýle-de Android operasion ulgamynda işleýän gadžetler üçin Google Play platformasyndan mobil aplikasiýany ýükläp alyp bolýar.
“Makul Sözlük” bazasynda bolan jemi 17.000-den gowrak Iňlis we Türkmen dilindäki sözler sesli okalyşy bilen berilýär. Şeýle hem häzirki wagtda üstünde işlenilýän we synag görnüşindäki Türk we Rus dilindäki sözler hem berilýär.
Çagalar üçin suratly sözlük we oýunly sözlük, şeýle hem “Makul Puzzle” bölümleri hem “Windows” üçin Makul Sözlükde öz ornuny tapýar. Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin wajyp bolan, “phrasal verbs” ( durnukly söz düzümleri), “Irregular verbs” (nädogry işlikler), prefiksler, suffiksler, idiomalar we nakyllar Türkmen we Iňlis dillerinde berilýär.
Teswirler