Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Saud Arabystanynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we taraplaryň ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Çeşme: “Türkmenistan Altyn Asyr” habar portaly.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok