Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimizde belent sepgitlere ýetilip, uly üstünlikler we ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Garaşsyzlyk — kalplara ýylylyk, mähir, söýgi eçilen gudrat, il-halky baky bagta ýetiren şamçyrag, her bir türkmen ojagyna gonan bagt guşy. Garaşsyzlyk bilen türkmeniň ruhy galkyndy, ata-baba arzuwy hasyl boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berjek ýol-ýörelgeleri saýlap alyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy-ykdysady, ruhy binýadyny goýdy. Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň geçen taryhyna ser salsaň, onuň her bir pursadynyň ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň we durmuş-ykdysady ösüşleriň janly şaýady bolan möhüm wakalardan, şanly senelerden doludygyna göz ýetirmek mümkin. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we ylymda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler bütin dünýäni haýrana goýýar. Arkadag Prezidentimiziň döwlet derejesinde amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde, milli ylym, bilim ulgamyna uly ähmiýet berilýändigini bellemek örän buýsançlydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda eziz Diýarymyzda gazanylan ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet gurluşynyň we durmuş-ykdysady ösüşiň durmuşa ukyplydygyny hem-de netijelidigini subut etdi. Bu ýyllarda geçilen ýola, ýetilen sepgitlere göz ýetirmek, durmuşa geçirilen beýik işleri ýatlamak örän ýakymlydyr.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler