Geçen hepdäniň şenbe güni Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahaty geçirildi.Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet işgärleri, meşhur ylmy wekilleri, şeýle hem syýasatşynaslary we taryhçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldiniýazow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady. Maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministri O.Gurbanow alyp bardy.
Maslahata gatnaşyjylar Magtymgulynyň özüniň gözel hem-de çuň manyly döredijiligi bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik pelsepeçidigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary barada aýratyn bellenildi.
Soňra maslahat öz işini 4 sessiýada dowam etdi. Maslahatyň «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti» atly birinji sessiýasy we «Magtymguly Pyragynyň şygryýeti – ylham çeşmesi» atly ikinji sessiýasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.
«Magtymguly Pyragy we ylym-bilimiň jemgyýetdäki orny» atly üçünji sessiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçdi.
Maslahatyň «Ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry» atly dördünji sessiýasy bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi.
Sessiýalaryň dowamynda jemi 220-den gowrak çykyşlar diňlenildi.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler