Paýtagtymyz Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde “Medeniýet we sungat işgärleri hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli sungat ussatlary bilen döredijilik konserti geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalyp, onda birnäçe tanymal bagşydyr-aýdymçylar tarapyndan aýdymlar, ýaş şahyrlar tarapyndan şygyrlar we alym-professorlar tarapyndan nutuklar ýerine ýetirildi.
Bu konsertde Magtymguly Pyragynyň setirlerine düzülen aýdymlar şeýle-hem Watanymyzy we Hormatly Prezidentimizi wasp edýän mukamlar dabara has hem öwşgün çaýdy.
Arslan Rejebow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Teswirler