«Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde gün we ýel garyşyk elektrik bekedi gurlar

Garagum çölünde ýerleşýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar.  10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň taslamasy 2019 – 2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde taýýarlandy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada iş sapary wagty energetika ministri Ç.Pürçekow habar berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok