Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyz tarapyndan dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ata Watanymyzyň öňe sürýän parahatçylyk we howpsuzlyk, energetika hem-de ekologiýa babatdaky amala aşyrýan beýik işleri, teklipleri dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etdi. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň Gün tertibiniň işlenilip taýýarlanylmagyna hem işjeň gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda hem dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary diýip kesgitlän 17 maksadynyň, ondan gelip çykýan 148 sany wezipäniň milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelere doly laýyk gelýändigi aýratyn nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş toparynyň döredilendigi we bu ugurdaky wezipeleri netijeli amala aşyrmak maksady bilen häzirki wagtda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, olar bilen bagly degişli halkara maslahatlaryň geçirilýändigi hem guwandyryjy hakykatdyr.
Berkarar Diýarymyz dünýäde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) bilen özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine örän uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS-yň) düzümine 2019 — 2021-nji ýyllar üçin saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taryhy waka berkarar Watanymyzyň beýik ösüşleri, abadançylygy we rowaçlygy üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda bitirilen beýik işler bu günki gün ähli halkymyzy guwandyrýar. Geçen sanlyja ýyllarda Türkmenistan BMG-niň birnäçe iri düzümlerine agzalyga kabul edildi.
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aýratyn hem, energiýa, ulag, daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlarda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Ýeri gelende belläp geçsek, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşi (EKOSOS) halkara ykdysady we durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm merkezdir. Bu geňeşiň alyp barýan işleriniň dürli ugurlary boýunça onuň ýörite komissiýalary hereket edýär. Onuň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasy durmuş syýasatynyň umumy ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem bu ugurdaky esasy halkara ülňülerini durmuşa geçirmek bilen bagly işleri alyp barýar. Bu komissiýa ählumumy durmuş ösüşiniň meseleler toplumynyň ählisi boýunça teklipleri we bilermenleriň netijelerini hasaba alýar we ýaýradýar. Şunda ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, maýyplar üçin deň şertleriň döredilmegi, maşgalanyň abadançylygy, bilim almak, iş orny bilen üpjün etmek ýaly mümkinçilikleriň giňeldilmegi netijesinde durmuş derejesiniň berkidilmegi ýaly meseleler esasy orunda durýar. Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň maksady bolsa ylym, tehnika, täzeçil ýörelgeler, olaryň ösüş derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ählumumy ösüşiň bähbidine milli we umumy derejedäki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde mynasyp hormata, belent abraýa we ykrar edilmegine eýe bolmagyny şertlendirýän amala aşyrylan beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, abadançylyga, beýik ösüşlere gönükdirilen daşary syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Berdiýew Allaberdi,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy
Teswirler