Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy

9-njy iýunda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy. Bu türkmen wekiliýetiniň düzüminde – Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bardyr.

10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejeli yzygiderli we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy özara hereketleriň türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine itergi berýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok