Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryldy

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habar bilen başlady.

Ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri, şol sanda welaýat häkimlerini hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri tabşyrylan pile üçin pile öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem ýurdumyzda ýüpekçiligi has-da ösdürmek üçin welaýatlarda tut nahallaryny ekmek işleriniň alnyp barlyşyna aýratyn üns bermek barada görkezme berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok