Parahatçylygyň mekany – Türkmenistan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn özgerýän Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşiniň täze basgançaklaryna tarap ynamly gadam basýar.

 “Parahatçylyk we ynanyşmaklyk” halkara gatnaşyklarynda has möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda 2021-nji ýyly “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” diýlip atlandyrylmagy has çuňňur mana eýerýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler guramasyna 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip atlandyrmak baradaky beren teklibiniň goldanylmagy Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň dünýä jemgyýeti tarapyndan hem goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki zaman halkara gatnaşyklarnda ynanyşmak parahtçylygyň açary bolup durýar. Haçanda halklar arkalaşyp, birek-birege goldaw beren halatynda gelýän wehimlere garşy netijeli durup bilerler. Oguzhan atamyz hem öz ogullaryna hemişe agzybir bolmagy ündäpdir.

“Türkmenistan –  parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany”  ýylynda ýurdumyzda uly başlangyçlar ýola goýuldy. Aşgabadyň 140 ýyllygy dabary bellenildi. Täze akylly şäher bolan “Aşgabat siti” düýbi tutuldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýän döwrüdir. Bu gazanylan netijeleriň Diýarymyzyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşykly ösüşiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi Türkmenistany senagat taýdan kuwwatly ýurda öwürmek, milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitjekdigini aýdyň görkezýär.

.

Ataýew Nurberdi,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok