Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.
Tbilisiň teleýaýlym diňi barada aýdyp geçsek bu diň «Mtasminda» seýilgähiniň çäginde ýerinde ýerleşýär. Ol 1972-nji ýylda guruldy. Teleýaýlym diňiniň beýikligi 274,5, deňiz derejesinden beýikligi – 719,2 metrdir. Teleýaýlym diňini şäheriň islendik ýerinden görmek bolýar. Ol Tbilisiniň esasy nyşanlarynyň biridir.
Tbilisiň teleýaýlym diňiniň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirilmegi, iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr.
Aýnur MUHAMMETGULYÝEWA,
D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler